SAZ FESTIWALY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda noýabr aýynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” ady bilen saz festiwaly yglan edildi. Bu festiwalda halkara bäsleşikleriň laureatlarynyň, diplomantlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň, şol bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň ýeňijileriniň, zehinli ýaş mugallymlaryň we göreldeli talyplaryň konsert çykyşlary göz öňüne tutulan. Festiwala gatnaşyjylaryň konsert meýilnamalaryna ser salsaň, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň dürli saz žanrlarynda döreden eserlerine, türkmen halk sazdyr-aýdymlaryna, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerine gözüň düşýär. Gatnaşyjylara ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny doly açyp görkezmäge mümkinçilik döredilendigini görmek bolýar. Bu festiwaly ýaşlaryň ýerine ýetirijilik kämilligini artdyrmakda we zehinli ýaşlary goldamaklykda hem ähmiýetli wakalaryň biri hökmünde hasaplap bolar.
Halkara bäsleşikleriň laureatlary J.Agajanowanyň, K.Başimowyň we konserwatoriýanyň zehinli talyplary A.Nurmyradowanyň, E.Ýagşymyradowanyň konserti täsirliligi bilen tapawutlandy. Şeýle-de diňe bir türkmen nusgawy sazynda däl, eýsem daşary ýurt pianinoçylarynyň repertuarynda hem orun alan M. Annamyradowyň “Tokkata” atly eseri diňleýjileriň ünsüni çekdi. Kompozitoryň bu eseri mugallymy Nury Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan. Kompozitoryň beýleki eserlerinde bolşy ýaly bu eserinde hem mugallymy N. Halmämmedowyň prinsipleri aýdyň duýulýar. Bulardan başgada ýaş türkmen kompozitory N.Ataýewiň “Sensiz” atly eseri hem ýaňlandy. Giň diňleýjiler köpçüligini, saz muşdaklaryny bir ýere jemleýän bu festiwal ezber, ökde ýerine ýetiriji türkmen ýaşlarynyň bardygyny dabaralandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda şular ýaly çäreleri geçirmek, zehiniňi açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Türkmen ýaşlarynyň bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.