SURATKEŞLERIŇ ÜSTÜNLIGI
Altyn Ordanyň — Beýik Ulusyň esaslandyrylmagynyň 750 ýyllygy mynasybetli Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Turan-gazak suratkeşler Konsolidasiýasynyň halkara baýragyny almak ugrunda 2020-nji ýylda geçirilen bäsleşik sergisine Merkezi Aziýa ýurtlaryndan jemi 100-e golaý suratkeş, şol sanda türkmen suratkeşlerinden Döwletgeldi Akyýew, Azat Myradow hemde Myrat Hojagulyýew öz eserleri bilen gatnaşdylar. Ýakynda Azat Myradow we Döwletgeldi Akyýewiň tapawutlanyp, «Turan» halkara sungat baýragyna mynasyp bolandygy baradaky sertifikaty gelip gowuşdy.
Abraýly bäsleşigiň emin agzalary: «D.Akyýewiň eserleri durmuşyň iň derwaýys meselelerine esaslanýar, grafika eserleri döredijiligiň çuňňur mazmunyny hem-de pikirlerini açyp görkezmekde keşbiň we stiliň bitewüligi, milli äheňleri bilen tapawutlanýar» diýip bellediler. A.Myradowyň bolsa içki erkinligi, ruhy özbaşdaklygy sazlaşdyrmagy başarýan, täzeçil pikirleri bilen özüne çekýän eserleri dünýägaraýşy we tematikasy boýunça özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Bu üstünlik suratkeşlerimizi geljekde döredijilik we sungat äleminde
täze-täze eserleri döredip, has-da önjeýli işlemäge ruhlandyrar.
Ogulgurban GAŞLAKOWA.