RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY


RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY



Adamyň öz saglygyna jogapkärli çemeleşmegi köp keselleriň, şol sanda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almakda hem ähmiýeti uludyr. Iň ýönekeý düzgünleriň pugta berjaý edilmegi ynsan saglygyny goramakda hem-de dürli keselleriň döremeginiň, ýaýramazlygynyň öňüni almakda örän möhümdir.
Şunda ýiti ýokanç kesellerden goranmakda ilki bilen arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek zerurdyr. Häzirki wagtda howanyň düzüminde ýiti mikroblaryň döreýän mahalynda, asgyrylanda, üsgürilende, agzyňy elýaglyk bilen tutmaly, elleriňi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmaly, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ýygy-ýygydan ulanmaly. Köpçülikleýin we jemgyýetçilik ýerlerinde töweregiňizdäki adamlar bilen 2 metr araçägi saklama-ly, daşa çykylanda, burnuňa oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini ulanmaly, ýaşalýan otaglarda, iş ýerlerinde howanyň çalşyp durmagyny üpjün etmeli.
Aşhanada we sowadyjyda azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmeli. Öýdäki sowadyjyny her hepdede arassalap durmaly. Öýde we işde ulanýan ähli tehniki enjamlaryňyzy (smartfony, komp-ýuteri) zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmak maslahat berilýär.
Daş-töwerekdäki adamlary we maşgala agzalaryny dürli ýokançly näsaglamadan goramak üçin ähli zerur çäräleri görmeli. Bedeniňizde dürli näsazlyklary duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň, lukman bilen maslahatlaşyp, wagtynda bejergi alyň. Beden gyzgyny ýokary bolsa, hökman «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Sepgitde duş gelýän möwsümleýin kesellerden goranmak üçin kadaly iýmitlenmegi, arassa howada gezelenç etmegi, iş bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, zyýanly endiklerden gaça durmagy unutmaň!
Her gün irki maşklary ýerine ýetirmegi gündelik endige öwrüň! Öňüni alyş sanjymlaryny lukmanyň görkezmesi esasynda alyň. Maşgala agzalarynyň biri ýaramasa işe, mekdebe, çagalar bagyna ibermekden saklanmaly. Pasla görä geýniň we saglygyňyzy goraň!

Abadan Berdiýewa