Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçiriler


Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçiriler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň başlygy A.K.Kolçar bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlary kesgitlediler. Iki ýurduň arasynda parlamentara derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, taraplar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.