SAGLYK — BAŞ BAÝLYK
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça ilkinji ädimler çagalyk ýyllarynda ädilip, ýaşlyk döwründe has aýgytly häsiýete eýe bolanda, garaşylýan netijäni berýär. Arassaçylyk düzgünlerini ýaşyňa garamazdan gyşarnyksyz berjaý etmeli, dogry iýmitlenmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, dartgynlylygy döredýän ýagdaýdan gaça durup, kalbyňy mydama rahat saklamaga çalyşmaly.
Ýylyň ähli pasyllarynda möwsüme görä geýnip, keselleriň öňüni almagyň talaplaryny dogry we doly berjaý etmeli. Kesellerden, şol sanda ýiti respirator ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynmaly we olary 2 sagatdan çalyşmaly, elleri elmydama sabynlap ýuwup, arassa ýagdaýda saklamaly, beýleki adamlar bilen howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.
Ýiti respirator ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýanlygyny göz öňünde tutup, günde ir bilen burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyp durmaly. Günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suwuklyk içmeli. Buýan kökünden taýýarlanan melhemi, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan hem-de narpyzly, ary bally we limonly çaý, sarymsak goşulan unaş, towuk we kelemli çorba içmek peýdalydyr. Ýaşaýan, işleýän otagyň ýygy-ýygydan howasyny çalşyp durmaly, çygly arassaçylyk işlerini geçirmeli. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny wagtynda almaly.