Bitaraplyk waspy dillerde dessan


Bitaraplyk waspy dillerde dessan



2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly konsert zalynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerini 2019-2020-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň arasynda dürli hünär ugurlary boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki yglan eden «Bitaraplyk waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine diplomlaryň hem-de sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşik dutar, plektrli dutar, fortepiano, skripka, akkordeon, gitara, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hem-de bagşyçylyk ugurlary boýunça geçirilip, oňa gatnaşyjylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde meşhur türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden naýbaşy eserleri ýaňlandy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda Fortepiano saz guraly boýunça 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Joraýew Batyr, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Allanazarow Oraz, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Ataýewa Laçyn, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Çerkezow Yhlas, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Çerkezowa Asuda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Kowusow Akmuhammet, Skripka saz guraly boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Ismailow Daniel, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Karimowa Nargis, 3-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mollanepes adyndaky 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Mamedow Elçin, Bagşyçylyk ugry boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Parahadow Nowruz, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Myratgulyýewa Çeper, 3-nji orna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Rejepow Baýrammyrat, Dutar saz guraly boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Bäşimow Şöhrat, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Sapardurdyýew Begenç, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ýakupow Miras, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Muhammedow Ýagmyr, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ruslanow Artyk, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kakaýew Bezirgen, Akkordeon saz guraly boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Myradow Mergen, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aşyrow Wepa, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Azatowa Oguljemal, Gitara saz guraly boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Gurbanow Maksim, Plektrli dutar saz guraly boýunça 1-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Dosçanow Alişer, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Hamraýew Nurulla, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Rejepbaýew Dilşatbek, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jumaew Hydyr, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Şöhradow Şahzod, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Saýpulaýew Raman, Fleýta saz guraly boýunça 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Rahmedowa Selbiniýaz, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jumadurdyýewa Liliýa, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Azadowa Bägül, Klarnet saz guraly boýunça 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Atamyradow Ahmet, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kylyçmedow Guwanç, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ahmedow Süleýman, Ksilofon saz guraly boýunça 1-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Saryýew Seýran, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Muhammetgulyýew Jumadurdy, 3-nji orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Taganow Mekan, Mis saz gurallary boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Lurýew Ilýa, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Arzamassew Danil, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Garaýew Annabaý eýe boldular.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.