Aşgabatda halkara teatr festiwalyna taýýarlyk görülýär


Aşgabatda halkara teatr festiwalyna taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 14 – 16-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala Azerbaýjanyň döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşar. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu barada 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň halkara festiwala taýýarlyk görlüşi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanyna halkara festiwaly geçirmegiň Meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň we teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

— Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä göterer — diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa bu möhüm ähmiýetli halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.