Buýsanç döreden sazlar


Buýsanç döreden sazlar



Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňişiň 75-ýyllygyna bagyşlanan hasabat konserti geçirildi.
Türkmen sungatynyň hakyky howandary Hormatly Arkadagymyzyň edýän atalyk aladasy esasynda sungatymyz ajaýyp ösüşlere eýe bolýar. Özi sungatyň hak aşygy bolan ýurt Baştutanymyz türkmen ruhunyň ýüzi bolan aýdym-saz sungatymyzyň ösüşine uly üns, goldaw berýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty iň gowy sazandalary taýýarlaýan abraýly okuw jaýy hökmünde diýarymyzda giňden tanalýar. Çünki bu mekdebi tamamlan uçurymlaryň örän köpüsi ýurdumyzda ussat sungat işgärleri bolup ýetişýärler. Şu günki günlerde hem türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleriniň aglabasy bu mekdebiň tejribeli mugallymlardan tälim alan ynsanlardyr.
Örän taýýarlykly, giň mazmunly, ýokary watansöýüjilik ruhunda geçirilen hasabat konserti oňa gatnaşanlaryň ýadynda köp wagtlap çykmasa gerek. Çünki bu konserte mekdepde öwrenilýän ähli saz gurallary boýunça bölümleriň iň zehinli okuwçylaryndan düzülen toparlaryň 13-si gatnaşdy. Olardan «Mukam» skripkaçylar topary, çagalar hor topary, tansçylar topary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri, dutarçylar, kanunçylar, baglamaçylar, depçiler, gitaraçylar, tarçylar, «Japbaklar» çagalar toparlary şanly seneler bilen baglanşykly döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara hem işjeň gatnaşyp ýören toparlardyr.
Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur eserleri ýerine ýetirildi. Goý, ol ajaýyp sazlar, gözel duýgular bagtyýar ülkämizde dowamat-dowam bolsun. Dabara gatnaşyjylar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.