Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlar:
— sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriň: gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň;
— arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň;
— şahsy gigiýenany berjaý ediň;
— elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap gowy ýuwuň;
— öý we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejirediň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň;
— otaglarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli geçiriň;
— otaglarda üzärlik tütediň;
— burun boşlugyna oksolin melhemini çalyň;
— eger size kesel ýokuşan bolsa, haýal etmän maşgala lukmanyňyza ýüz tutuň we onuň bellän bejergisini gyşarnyksyz kabul ediň;
— lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak derman serişdelerini, esasan-da, antibakterial serişdeleri kabul etmäň;
— köpçülik ýerlerine barmakdan saklanyň;
— üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň;
— ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň;
— siziň maşgala agzalaryňyzdan biri ýiti respirator keseli bilen kesellän bolsa, onda ony mümkinçilik bolan ýagdaýynda aýratyn otaga ýerleşdiriň;
— näsagyň bolýan otagyny aram-aram şemalladyp duruň, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçiriň;
— näsagyň aýratyn gap-çanagynyň bolmagyny, olaryň gowy ýuwulmagyny we gaýnag suw bilen çaýkalmagyny berjaý ediň;
— näsaga seredeniňizde agzyňyzy we burnuňyzy dört, alty gatly hasa örtügi bilen ýapyň. Hasany günüň dowamynda çalşyp, ýuwuň we ütükläň;
— ýiti respirator keseli ýokuşan bolsa, limonly çaýy, bally ýyly süýdi, mineral suwy, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary günüň dowamynda kabul ediň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi