Wagyz-nesihat çäresi


Wagyz-nesihat çäresi



Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kanuny berjaý etmek-ählimiziň borjumyzdyr» ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede konserwatoriýanyň halypa mugallymlary bilen birlikde, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň wekilleri talyp ýaşlara ähli ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidikleri, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlara bu ugurda ähli mümkinçilikleriň döredilip berilýändigi barada nygtap geçdiler. Wagyz – nesihat çäresinde ýol gözegçilik müdirliginiň wekiliniň görkezen wideo şekilleri tomaşaçylar üçin has-da täsirli boldy. Ýaşlaryň ylymly bilimli bolmaklary barada döredip berýän mümkünçilikler üçin dabara gatnaşyjylar Arkadagymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.