Halypanyň sungaty
Ata – babalarymyzyň gadymdan gelýän däp – dessury, medeniýeti we sungaty hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen gününden bäri täzeden dikeldilýär. Aýdym – saz adamyň göwün syrdaşy, şatlykly gününde göwün hoşudyr. Adam ata döräli bäri jadylaýjy sazyň owazy her bir adamda bir duýguny oýarýar.
Bu ýyl halkymyz asuda we parahat diýarymyzyň goýnunda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyny uludan toýlamaga taýýarlyk görýär. Gadymy türkmen öz toýuny deprek çalyp, dutarda dessan aýtdyryp kyrk gije – gündizläp toýlapdyr.
«Toýuň bezegi bagşy» diýlişi ýaly, milli saz gurallary her bir toýda, her bir baýramda uly şatlyk – dabara bilen çalynýar. Şeýle saz gurallarymyzyň biri hem özüniň kiçijikdigine garamazdan, ondan çykýan owazyň bady bilen tanalýan gopuz saz guralydyr.
Gadymdan bäri çalynyp gelinýän, bu saz guraly häzirki wagtda hem öz gymmatyny ýitirenok. Gopuz – dünýä halklarynyň saz guraly bolup, ol dürli milletlerde dürli atlar bilen atlandyrylýar. Gopuzlar dürli ölçeglerde metal ýa-da agaçdan ýasalypdyr.
Golaýda Aşgabat şäher häkimligi bilen birlikde Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2 – nji çagalar çeperçilik mekdebiniň guramagynda «Halypa şägirt» atly dabara geçirildi. Bu dabarada halypa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy Berdiýew Hojamkuly aga gopuz saz guralyny ýasap görkezip, özüniň inçe senedeniň syrlaryny okuwçylara düşündirdi. Ol diňe bir öz döredijiliginde gopuz ýasamak bilen meşgullanman eýsem, hoş owazly sazlary hem çalýar. Bu duşuşukda mekdebimiziň zergär bölüminiň 4-nji synp okuwçysy Nurberdiýew Nedir hem özüniň gelin – gyzlarymyzyň bezegi gülýakany ýasady. Bu dabaranyň janly şaýatlary ýaşajyk suratkeşler halypa bilen bolan duşuşukdan, söhbetdeşlikden özlerine uly tejribe gazanyp, türkmen halkynyň baý senetçilik mirasyna has-da içgin göz ýetirdiler.
Milli sungatymyzyň hak howandary, medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmeginde dürli mümkinçlikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan ýurt ähmiýetli, il bähbitli işleri rowaç alsyn!
Gülnur HUDAÝNAZAROWA