“Magtymguly-ylham çeşmesi”
Gündogaryň akyldary görnükli şahyry-filosofy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda bellenilmäge meýilleşdirildi. Şol mynasybetli biziň ýurdumyzda bu ýubileýe taýýarlyk işleri eýýäm başlady.
Beýik akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus we beýleki dillerinde terjime edildi. Beýik şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň iň baý edebi mirasyny has çuňňur öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna uly goşant goşar. Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatyna hem uly goşant goşan ajaýyp söz ussadydyr.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly-ylham çeşmesi” atly kitap sergilerimiz okuwçylaryň arasyndaky geçirilen Magtymguly Pyragynyň nurana keşbini şekillendirmek boýunça bäsleşikler geçirildi.
Türkmen ýaş nesillerimiziň kämil ylym-bilim, sowgat almaklary, hünär öwrenmekleri döredijilik we sungat bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!