Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Pyragy we Nury Halmämmet» atly aýdym-sazly dabara


Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Pyragy we Nury Halmämmet» atly aýdym-sazly dabara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere, toýdyr baýramlara beslenýär. Ynha, şeýle dabaralaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap «Umumy fortepiano» we «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň mugallymlaryň we talyplaryň «Beýik Pyragy we Nury Halmämmet» atly konserdi geçirildi.

Konsert talyp Keýik Artykowanyň alyp barmagynda we «Umumy fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy Orazjemal Myradowanyň sazandarlyk etmeginde geçirildi. Konsertde ilkinji bolup akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna, kompozitor Nury Halmämmedowyň «Bilmezmiň», «Pukaraýam» eserini «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň uly mugallymy, «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýypow ýerine ýetirdi. Eser konserdiň açylyşy bolup, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Konsert şol ýerine ýetirilişde talyplar Allaberdi Rejepow, Aýbölek Hamadowa, Sähra Akmämmedowa, Baýramtäç Gandymowa, Kadyr Esenow, şahyryň goşgularyna kompozitor Nury Halmämmedowyň «Uýat eýleýir», «Solupdyr pygan bilen», «Ýadyma düşdi», «Geler», «Neýläýin», Mollanepesiň «Haýrana galar» eserlerini, kompozitor W.Ahmedowyň «Bu gün» eserini Mahym Geldiýewa, kompozitor Çary Nurymowyň «Armanym galdy» eserlerini Ýusup Ataýewiň ýerine ýetirmeklerinde tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.

Gyzgyn el çarpyşmalardan soň, konsert kafedranyň mugallymy Göwher Kakabaýewanyň şahyryň goşgularyna kompozitor Nury Halmämmedowyň «Aýnanyň aýdymy», «Bilbil» eserlerini ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi.

Yzysüre kafedranyň uly mugallymy, «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Aman Amanow şahyryň sözlerine kompozitor Nury Halmämmedowyň «Gözel Şirgazy», kompozitor N.Meredowyň «Geçip barar» eserlerini ýerine ýetirip tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Soňra «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Aýna Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine kompozitor N.Halmämmedowyň «Uçuň durnalar», H.Allanurowyň «Näme sen», A.Agajykowyň «Aýryldym» eserlerini ýokary ussatlyk görkezip tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsertde jemleýji eser hökmünde kafedranyň halypa mugallymy, professor,Türkmenistanyň halk artisty Atageldi Garýagdyýewiň paýyna düşdi. Halypa Atageldi Garýagdyýew akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine kompozitor N.Halmämmedowyň «Aýa döndi», «Şirmaýy darak» eserlerini ýokary professional derejede ussatlyk görkezdi. Dowamly el çarpyşmalar bilen konsert dabaraly ýagdaýda tamamlandy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Hijran JORAKULYÝEW