KESELLERDEN GORANALYŇ


KESELLERDEN GORANALYŇ



Saglyk — gymmatly baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerur.
Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň!Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!
Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden ýüz öwrüň!
Her gün azyndan 2,5-3 litr arassa suw içiň!
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Daşardan geleniňizde, nahardan öň we soň eliňizi sabynlap ýuwuň!
8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyňyzy alyň!
Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň!
Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi — 2 metr aralygy saklaň!
Öý we iş otaglaryňyzda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip duruň!
Galyndylary we zir-zibilleri wagtly-wagtynda aýryň!
Şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, zerurlyk ýüze çykmasa, daşaryk çykmaň!
Daşaryk çykylan ýagdaýynda hökman Günden goranmak üçin, kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk dakynyň ýa-da saýawan göteriň!
Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek saglyga örän zyýanlydyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.