Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl BMG-däki esasy wakalaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy pikir alyşmalara degişli hepdesiniň adatdakylardan üýtgeşik görnüşde geçýändigini bellemek gerek.Bu bolsa dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy bilen şertlendirilendir.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki ýubileý maslahatynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylandygy bellärliklidir. Munuň özi şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, milli Liderimiziň alyp barýan döredijilikli daşary syýasat ugrunyň giň goldawa we ykrarnama mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz özüni BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanadyp, strategiki häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli gatnaşyklary has-da pugatalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidi netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.