PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE NETIJELI HALKARA HYZMATDAŞLYK TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYDYR


PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE NETIJELI HALKARA HYZMATDAŞLYK TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYDYR



Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan anyk başlangyçlary köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi.