GAÝNAG SUWUŇ SAGLYGA TÄSIRI


GAÝNAG SUWUŇ SAGLYGA TÄSIRI



Suw ýaşaýyşda esasy çeşmeleriň biridir. Ol diňe bir teşneligi gandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ynsan saglygyna peýdaly taraplary kändir. Suw gaýnadylanda içindäki zyýanly birleşmeleri dargaýar. Şonuň üçinem irden oýa-nan wagtyňyz diňe gaýnap sowan suwy içmek maslahat berilýär. Gaýnag suw tagamy özüne gowy siňdirýär. Ir bilen içilen bir bulgur suw aşgazany we içege ýollaryny arassalaýar.
Suw ýokary temperaturada gaýnadylanda, onuň düzümindäki birleşme-ler dargaýar we tagamynyň ýaýramagyna getirýär. Gaýnag suw bedeni berkid-ýär, işjeňligi artdyrýar, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär. Berhiz saklaýanlar we horlanmak isleýänler üçin hem onuň peýdasy uludyr. Suwuň düzüminde ýagyň ýoklugyny göz öňünde tutup, artykmaç agramdan dynmak isleýänler çaý bilen kofeniň deregine gaýnap sowan suwy içmek maslahat berilýär. Bokurdak agy-randa gyzgyn çaý ýa-da melhemlik demlemeleri içmek juda peýdalydyr. Gaý-nag suw sesi açmak, durlamak üçin hem haýyrlydyr. Şonuň üçin aýdymçylar bu tejribä-ni giňden ulanýarlar. Lukmançylyk taýdan aýdylanda käbir halklaryň lukmançylygynda gaýnag suw sowuklamada esasy derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Bu usul ençeme ýyllaryň dowamynda Ýer ýüzüne ýaýrap, bir gaba guýulan gaýnag suwuň üstüne ýüzüňi tutup, bugdan dem almak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle edilende buguň dem alyş ýollaryny arassalaýandygyny aýra-tyn bellemek zerurdyr. Şu berilýän maslahatlary göz öňünde tutup, suwuň, esasan-da, gaýnag suwuň saglyk üçin peýdasynyň uludygyny unutmaly däldi-ris.
Gündelik iýilýän miweleri we gök önümleri gaýnag suwa ýuwmagy lukmanlar elmydama nygtaýarlar. Gaýnag suw olaryň daşky gabygynda bo-lup biläýjek hapalary has gowy aýyrýar we mikroblaryň ýok edilmegini doly üp-jün edýär. Mundan başga-da, ol ynsan bedeninde bolup geçýän alyş-çalşygy gowulandyryp, iýmit siňmegine hem oňaýly täsir edýär. Artykmaç ýaglaryň eremeginde hem gaýnag suwuň peýdalydygyny bilmek her birimiz üçin zerur-dyr. Gaýnap sowan suwa limon, narpyz ýa-da azajyk nabat atmak onuň diňe bir tagamyny gowulandyrman, eýsem, ynsan bedenini gurplandyrmaga, agyz boşlugyndaky ýakymsyz yslaryň aýrylmagyna, bedendäki artykmaç ýaglaryň eremegine hem peýdalydyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ozal gaýnag suwy täzeden gaýnadyp içmek peýdaly hasaplanmaýar. Suw gaýnadylýan çäý-negi gaýnag suwdan emele gelýän çökündilerden tiz-tizden arassalap durmagy ýat-dan çykarmaly däldir.
Saglygy goramak üçin suwy gaýnadyp içmelidir.

Sona Ilmuhammedowa