«Sagdyn nesil-bagtyýar gelejek»


«Sagdyn nesil-bagtyýar gelejek»



Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, saýlap alan hünärlerinden gelejekde ökde hünärmenler bolup watanymyza halkymyza gerekli ýaşlar bolmaklary ugrynda döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar.
2020-nji ýylyň aprel aýynyň 29-na Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mejlisler zalynda «Sagdyn nesil-bagtyýar gelejek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çärede konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekilleri gatnaşyp talyp ýaşlara Arkadagymyz tarapyndan döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri dogrusynda, köpçülik ýerlerinde türkmen ýigidine we gyzyna mahsus edep-ekramly bolmaklary we ýol hereketiniň düzgünlerini talaba laýyk alyp barmaklary dogrusyndaky öwüt nesihat beriji çykyşlaryny etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.