«Şirin zybanym bar meniň» atly halypalar bilen döredijilik duşuşygy


«Şirin zybanym bar meniň» atly halypalar bilen döredijilik duşuşygy



2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda dil medeniýetiniň ösüşine hem-de edebi diliň kadalarynyň sahna çykyşlarynda, aýdym-saz eserlerinde, teleradioýaýlymdaky gepleşiklerde, gazet-žurnallarda berjaý edilişine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren wideoşekilli iş maslahatyndaky taryhy çykyşynda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň düzgünleriniň berk berjaý etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegi ündew-nesihat etdi. Arkadag Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly: «Diliň dünýäsi – halkyň ruhunyň jemlenen dünýäsi». Şonuň üçinem medeniýet, sungat we habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleriniň, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň öňünde bu ugurda uly wezipeler bardyr. Olar dil medeniýetimiziň edebi kadalaryny we sözleýiş kadalaryny berk berjaý etmekde, dilimiziň taryhy köklerini çuňňur öwrenmekde hem-de ähli öwüşginliligi bilen aýap saklamakda, geljek nesillerimize ýetirmekde ummasyz uly işleri bitirýärler.
Döredijilik duşuşygyna belli sahna ussatlary, döredijilik işgärleri, alymlar, teleradioýaýlymlaryň we gazet-žurnallaryň tejribeli hünärmenleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor mugallymlary hem-de bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler sahna tomaşalarynda, aýdym, opera eserleri ýerine ýetirilende, tele we radio gepleşikleri alnyp barlanda, şeýle hem gazet-žurnal makalalary taýýarlananda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň wajyplygy hem-de ony kämilleşdirmegiň usul-tärleri barada gürrüň berdiler. Halypalar edebi eserlerden bölekleri, akyldar şahyrlarymyzyň şygyrlaryny okamagyň aýratynlyklary boýunça ýaşlar bilen ussatlyk tejribelerini paýlaşdylar. Talyp ýaşlaryň bu ugurda gyzyklandyrýan sowallaryna-da jogap berdiler. Duşuşygyň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary ussat şahyrlarymyzyň ene dilimize bagyşlap döreden şygyrlaryny okadylar. Aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetiren «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly aýdymy döredijilik duşuşygyna baýramçylyk ruhyny çaýyp, Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi barha ösdürmek, dil mirasymyzy baýlaşdyrmak boýunça berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlaryna hoşallyklarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döredijilik duşuşygynyň çäginde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giň dabaralara beslenip geçilýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar bilen şöhratlanan ýylymyza bagyşlanyp Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň döreden amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar häzirki wagtda milli medeniýetimiziň we dil mirasymyzyň, «halypa-şägirt» mekdebiniň has-da ösdürilmegi ugrundaky goldaw-hemaýatlary üçin, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Agamyrat BALTAÝEW