«TM CELL» TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI


«TM CELL» TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI



Türkmenistanyň «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory «TM CELL» söwda markasy bilen hödürleýän täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Täze kod bilen hödürlenjek halkara formatdaky telefon belgisi +99371xxxxxx görnüşinde bolar.

Täze kod ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. 71-lik tor kody bilen hereket edýän belgileri «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlaryndan 10 manatdan (standart bahasy) satyn alyp bilersiňiz!

Operatoryň 2004-nji ýyldan türkmenistanlylara hyzmat edip başlandygyny hem bellemek gerek.