Iýmit arassalygy — saglygyň girewi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak babatda üstünlikli alnyp barylýan giň möçberli işler raýatlarymyzda çuňňur buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda kabul edýän resminamalarynyň esasy maksady hem sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, degişli maslahatlary işläp taýýarlamak arkaly ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, kadalaşdyrylmadyk iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ilatyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek babatdaky öňde goýan wezipeleri häzirki wagtda üstünlikli çözgüde eýe boldy. Iýmitlenmegiň kadasynyň bozulmagy bilen bagly köpsanly keselleriň öňi alyndy. Baş saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär.
Ýurdumyzyň ak bazarlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň önümleri, süýt we süýt önümleri, dürli miweleri, gök we bakja önümleri ilata hödürlenilýär. Satyn alnan azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr. Çig önümlerden taýýarlanan tagamlar gaplanan ýagdaýda aýratyn saklanmalydyr. Mal, guş, towşan, balyk etini, beýleki tiz zaýalanýan önümler sowadyjyda bir ýerde goýulmaly däldir. Olar sowadyjynyň ýokarky bölüminde saklanmaly. Satyn alnan kömelekler ter, sagdyn, bitewi bolmaly. Olary polietilen haltajykda saklamak maslahat berilmeýär, sebäbi olaryň aglaba bölegi suwdan ybarat we az wagtyň içinde ezilip, zaýalanmagy mümkin. Kömelek iýmäge taýýarlananda, işdäaçara goşulanda talabalaýyk berjaý edilmelidir, sebäbi kömelek zäherlenmesi saglyga howp salýar.
Konserwirlenen miwelerdir gök önümler işdäaçarlara garylýar. Diňe bir gapagy konserwirlenen bankanyň içinde galan howanyň täsiri bilen açylan bankalaryň däl, eýsem, içi bulanyk görünýän bankalaryň içindäki önümleriň hem zyýanlydygyna ünsüňizi çekýäris. Olar ulanylmaly däldir.
Bilşiňiz ýaly, juda ýagly, ýiti tagamlar, mantydyr palaw, gowrulan mal eti, towşan, guş eti iýmit siňdiriş agzalaryna agram salýar, aşgazan-içege ýollarynyň näsazlyklaryna, dowamly keselleriň möwç almagyna itergi berýär. Aşa köp we garym-gatym iýlip, içiň geçmegine ýa-da gatamagyna, gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryna getirip biler.
Banka gaplanan gök önümler satyn alnanda, taýýarlanan we ýaramlylyk möhletine, gapagyna (ýellenenmi ýa-da ýok), bankadaky suwuna (bulançakdygyna ýa-da ýok), içinde ýakymsyz ysyň peýda bolandygyna üns berilmelidir.
Öý şertlerinde öý bikeleri gyş paslynda iýmit hökmünde ulanmak üçin gök we bakja önümlerinden dürli işdäaçarlary, miwelerden kompot, mürepbe taýýarlap, çüýşe bankalara gaplaýarlar. Gök we miwe önümleri öý şertlerinde gaplananda, duza ýatyrlanda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Ýatda saklaň! Gelip çykyşy näbelli bolan, ýaramlylyk möhleti geçen, elde, ýagny önümçilikde taýýarlanmadyk banka gaplanan, kakadylan we duzlanan kömelegi, balygy, eti iýmit hökmünde ulanmak maslahat berilmeýär. Her bir adam iýmit düzgünlerini berk berjaý edip, içýän suwuna, gök we miwe önümleriniň terligine, hiline ünsli bolmalydyr. Her bir ynsan saglygynyň öz elindedigini, köp babatda özüne baglydygyny unutmaly däldir.