Kadalary berk berjaý ediň!
Sport bilen meşgullanyň!
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.
Kadaly iýmitleniň!
С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal ýaly miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini) kabul etmeli. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem her hepdede içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli tagamymyz bolan unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde örän ähmiýetlidir. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär.
Şypaly çaýy içiň!
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary baradaky maglumatlar beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi endik edinmeli.