TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI


TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI



29-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.
Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döredijilik sowgady boldy. Ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen döwlet işini alyp barýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçirilen konsertde şowhunly el çarpyşmalaryň yzy üzülmedi.

* * *
Şu günki baýramçylyk konsertiniň öňüsyrasynda daşary ýurtly tanymal estrada aýdymçylarynyň, hususan-da, Şwesiýadan Doktor Albanyň we ABŞdan Akonyň çykyşlary daşary ýurt aýdymlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.