Paýtagtymyzda 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaralar geçirildi


Paýtagtymyzda 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaralar geçirildi



28-nji dekabrda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.
2022-nji ýylyň şygarynyň hemde nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan çärä Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hemde syýasy partiýalaryň, bilim we ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

* * *

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hem 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygarynyň tassyklanylmagyna bagyşlandy.
Dabara Hökümetiň agzalary, medeniýet ulgamynyň, ugurdaş edara-kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, sungat ussatlary gatnaşdylar.