Ata Watan — melhemler mekany
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyza, ene topragymyza, ümmülmez tebigatymyza bolan belent sarpany özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri » atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitaby dine bir lukmançylykda däl, eýsem, okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly çeşme bolup durýar. Kitapda ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada anyk maglumatlar esasynda giňişleýin düşünje berilýär. Türkmen topragynda bitýän buýanyň tebigy süýjüligi beýleki ýurtlarda ösýän buýandan ep-esli tapawudy bar, hatda daşary ýurtlarda bitýän buýanlardan derman serişdelerini ýasanlarynda türkmen buýanyny olaryň düzümine süýjüligini köpeltmek üçin goşýarlar. Türkmen buýanynyň beýleki derman serişdeleriniň 400-den gowragynyň düzümine goşulmagy onuň dermanlyk häsiýeti boýunça hytaý ženşeninden hem öňe geçýändigi babatda maglumat bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmeniň bol bereketli Hydyr gören düzünde ak altynyň, gara altynyň bol bolşy ýaly, buýan ösümligi hem Garagum sährasyndan başga hemme etraplaryň çäginde diýen ýaly gabat gelýär. Esasan hem, Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşýän süýji buýan dermanlyk häsiýeti boýunça has-da tapawutlanýar. Bu ösümlige dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Buýanyň, esasan hem, dermanlyk çig mal hökmünde köki ulanylýar. Onuň gabygyny arassalap ulanmak bolýar. Has takygy, senagat taýdan taýýar buýan köküniň dermanlyk serişdeleri bilen ýurdumyzyň dermanhanalary doly üpjün edilýär. Buýan köki ylymda hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly näsaglykda, üsgülewükde, böwrek, ýokary dem alyş ýollarynda, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Ösümligiň dermanlyk kökünden taýýarlanylýan serişdeler dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine hem goşulýar. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Hytaýda buýan köki irki döwürlerden bäri garratmaýan serişde hökmünde peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda maşgala lukmanlarymyz tarapyndan ildeşlerimize buýan kökünden taýýarlanan derman serişdelerini ýokanç kesellere garşy durnuklylygy has ýokarlandyrmakda gündelik ulanmak maslahat berilýär.