Magtymguly öwüt bergil söz bilen


Magtymguly öwüt bergil söz bilen

Ýakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Miras» teleýaýlymy, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we ylmy işgärleri bilen bilelikde Beýik Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň halk aýdym-saz sungatymyzyň, milli medeniýetimiziň ösüşine ýetiren täsirleri dogrusynda aýdym-sazly gepleşik taýynladylar. Söhbetdeşligiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli söz ussadynyň goşgularyndan düzülen «Il ýagşy», «Delalat ýagşy», «Ýoluksa», «Döwleti, maly bolmasa» birnäçe halk aýdymlary Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Bagşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde «Gözel sen», «Dert boldy», «Aýrylma» ýaly birnäçe halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.Türkmenistanyň halk artisti ussat sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pyragy» atly sazyny ýokary okuw mekdebimiziň dutar mugallymy Işanmuhammet Gündogdyýew ezberlik bilen ýerine ýetirdi.

Gurbanow Kadyrmyrat,