HAZAR DEŇZINIŇ DAŞKY GURŞAWYNY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK


HAZAR DEŇZINIŇ DAŞKY GURŞAWYNY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK



12-nji awgustda Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär.