Ýeňiş baýramy mynasybetli konsert geçirildi


Ýeňiş baýramy mynasybetli konsert geçirildi



Türkmenistan-bitaraplygyň mekany ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ajaýyp dabaralara beslenip gelýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli ajaýyp dabaralar ýaýbaňlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýeňiş güni-bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada konserwatoriýanyň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» orkestry özüniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler. Esasan Ýeňiş hakynda şeýle-de asuda asmanyň astynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän temalardaky aýdymdyr-sazlar dabaranyň dowamyny düzdi. Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.