TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, 5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.