TÜRKMENISTANDA «HAZAR DEŇZI — PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK DEŇZI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI


TÜRKMENISTANDA «HAZAR DEŇZI — PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK DEŇZI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI



«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenar ýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenar ýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şu günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy hem-de tutuş adam-zat üçin ähmiýetli bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegine nobatdaky gezek ýardam berer.

Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna geçirilýän dabaralar Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň, Hazaryň deňiz gurşawynyň durnukly ösdürilmegine we goralmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýurdumyzyň goşýan goşandynyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Tebigatyň bu täsinligi — Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik, diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.