YGTYBARLY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR


YGTYBARLY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR



«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirmek bilen şu günki duşuşygyň dünýä ykdysadyýetiniň duçar bolan uly wehimleriniň dowam edýän wagtynda geçýändigini nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy ykdysady kuwwatynyň doly netijeli ulanylyp, dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologiýa düzümlerine tarap gönükdirilmegine ynanýarys diýip, S.Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan amal ediljek döredijilikli işlere, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, gyzykly we peýdaly ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegi arzuw etdi.
Soňra ugurlar boýunça mejlisleriň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, olaryň energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ulaglogistika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlaryna seredildi. Türkmenistanyň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilen ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri öz beýanyny tapyp, dürli derejelerdäki ugurdaş gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Geçirilen çekişmeleriň netijeleri hem-de işlenip taýýarlanylan maslahatlar forumyň Jemleýji resminamasynda beýan edildi.
Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebit gaz we elektro energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassykladylar.