Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary



4-nji ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” gaz känine tarap ugrady.