TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz esasy zady — häzirki döwürde ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen, hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi we belende galdyrmagy üpjün etmäge ukyply, ýaş ýolbaşçylaryň hem-de täze döwlet maksatnamalarynyň zerurdygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalary jemi içerki önümi düýpli artdyrmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berip, ahyrky netijede bolsa, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.