Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine bardy


Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine bardy

Türkiýede resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň Ankarada ýerleşýän ýadygärligine gül goýdy. «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan bu ýadygärlik ussat şahyryň hormatyna 2012-nji ýylda bina edildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, gül goýmak çäresiniň geçiriljek ýerine gelende, hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gül dessesini goýmak bilen, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde tagzym etdi. Şol pursatda ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bilelikde baş egdiler. Munuň özi geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek akyldar şahyra goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Parasatly eserlerinde adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri ileri tutan Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat şahyry hasaplanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň çäginde we dostlukly ýurtlaryň käbir şäherlerinde halkymyzyň berkarar döwletde ýaşamagyny arzuwlan görnükli akyldaryň heýkelleri onuň beýikligini kämil arhitektura ýadygärlikleri arkaly beýan edýär. Dürli ýyllarda Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde şahyryň binagärlik heýkelleri oturdylyp, olaryň awtory Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewdir. Häzirki wagtda bolsa Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.