Sagdyn bolmagyň kadalary


Sagdyn bolmagyň kadalary



Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokary dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem saglygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek esasy ugurlaryň biridir.
Keseliň öňüni alyş çäreleri: burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtüklerini dogry we doly dakynmaly, elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, asgyraňda, üsgüreňde birgezeklik elýaglyklary ulanyp, soňra olary ýörite gaplara taşlamaly. Kadaly iýmitlenmeli, witaminlere baý gök önümleri we miweleri iýmeli. Öý we iş otaglaryny arassa saklamaly, otaglaryň howasyny çalşyp, penjireleri açyp şemallatmaly. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, işjeň hereketde bolmaly. Öz wagtynda öňüni alyş sanjymlaryny lukman bilen maslahatlaşyp almaly.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlary içmeli. Dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, itburnuň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.