Türkmenistanyň Prezidenti: — watany goramagyň mukaddes borjy — deňsiz-taýsyz ruhy gymmatlyk


Türkmenistanyň Prezidenti: — watany goramagyň mukaddes borjy — deňsiz-taýsyz ruhy gymmatlyk



Milli Liderimiz Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebe ýadygärlik gymmatlyklary gowşurdy

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi. Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň— milli Liderimiziň atasynyň— edermen söweşijiniň hem-de ussat mugallymyň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.