Tomus: düzgünleri berjaý ediň!


Tomus: düzgünleri berjaý ediň!



Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Iş ýerlerinde we öýde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bile bedenden zerur witaminler we minerallar hem çykýar. Netijede, özümizi agyr duýýarys, ysgynsyz bolýarys, immunitetimiz peselýär. Şonuň üçin hem köpräk gök önümleri, miwedir ir-iýmişleri iýmeli.

Bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak üçin günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli.

Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Gün urmasyndan goranmak üçin ak, açyk reňkli arassa nahdan tikilen egin-eşikleri, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, şeýle-de Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul ediň!

Tomusda iýmit önümleriniň çalt zaýalanýandygyny nazara alyp, olary sowadyjyda dogry saklamaly.

Nahar taýýarlananda, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Berhiz saklaýan bolsaňyz, tagamlaryň düzümini öz bejeriji berhiz saçaklaryňyza mümkingadar golaýladyp taýýarlamaly, munuň özi dürli keselçilikleriň öňüni almaga ýardam eder. Dogry iýmitlenmek, bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagynyň öňüni alýar. Duzly, kakadylan, aşa ajy tagamlary iýmekden saklanyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.