Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Täze ýyl!


Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Täze ýyl!



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bagtyýar halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giň gerimde dowam edýär.
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň,Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň guramaklarynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Aşgabat-Tejen» ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça «Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Täze ýyl!» atly awtobusly baýramçylyk gezelenji guraldy.
Ir säher bilen «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň binasynyň öňünde guralan Täze ýyl arçalarynyň ýanynda medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra «Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Täze ýyl!» atly awtobusly baýramçylyk gezelenjine gatnaşyjylar «Aşgabat-Tejen» ýokary tizlikli awtomobil ýoluna tarap ugradylar.

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde açylan «Aşgabat-Tejen» ýokary tizlikli awtomobil ýolunda Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk gezelenji dowam etdi. Täze ýyl öwüşginleri bilen bezelen awtobuslarda ýurdumyzyň şahyrlary ajaýyp döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgularyny okadylar, bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde şu ýylda ulanylmaga berilen «Aşgabat-Tejen» ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ýol-ulag pudagyny ösdürmek, üstaşyr-ulag geçelgeler arkaly ýükleriň daşalyşynyň hereketini artdyrmak, logistikanyň köptaraplaýyn ugurlarynyň binýadyny berkitmek babatda iri möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde gurulan «Aşgabat-Tejen» ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem, berkarar döwletimizi ykdysady taýdan has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan baýramçylyk gezelenjine gatnaşyjylar bu ajaýyp ýoluň aýratynlyklaryny, ýol ugrunda bina edilen döwrebap desgalary, hyzmat ediş merkezlerini synladylar. Türkmen tebigatynyň täsinlikleri, gyş paslynyň özboluşly gözellikleri awtobusly gezelenje gatnaşyjylara çäksiz ylham, ruhubelentlik eçildi.
Soňra baýramçylyk gezelenjine gatnaşyjylar «Kerwensaraý» söwda we dynç alyş merkezine geldiler, bu ýerde hem Täze ýyl baýramynyň şanyna joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi, aýdym-sazlar ýaňlandy.
Baýramçylyk gezelenjine gatnaşyjylar ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

Akmyrat Rejebow