SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇ...
Häzirki wagtda şeýle-de howanyň derejesiniň üýtgemegi adam bedenine
zyýanly täsirini ýetirýär.
Ýapyk gurşawlarda, ýagny liftde ýa-da penjiresiz otaglarda adamlar
agyz-burun örtükli bolsalar-da, özara gürleşilende, asgyrylanda, üsgürilende, emele gelýän aerozollar — mikrodamjalar howada birnäçe minutdan birnäçe sagada çenli saklanyp bilýär. Şeýlelikde, keseliň ýokuşmak howpuny peseltmegiň iň ygtybarly usuly elmydama, hatda adamsyz otaga girilende hem agyz-burun örtügini
dakynmakdyr.
Örtük kesele garşy netijeli serişde bolsa-da, dertden goranmagy howpsuz
2 metr aralygy saklamak we şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen
utgaşdyryň. Adam üsgürende, asgyranda ýa gürlände, howa damjalary 2 metre
çenli aralyga çaltlyk bilen ýaýraýar, şol sebäpden köpçülik ýerlerinde
birek-birekden howpsuz aralygy saklamak möhümdir.
Keselden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. El ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam
edýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar, bakteriýalar elde toplanýar we ellän
zadymyz arkaly bedene düşýär. Hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda
gezelenç edilenden soň eliňi gowy edip sabyn bilen ýuwmaly. El ýuwulmadyk
halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby, ýagny immuniteti kesel
döredijiler bilen göreşýär. Beden gowşan ýagdaýynda hapa eliň keselleri
hasaplanýan ýokançlaryň birtoparynyň ýokuşmagy ähtimal. Olara iýmit
zäherlenmesi, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary,
soguljanlaryň döredýän dürli sökellikleri degişlidir.
Sagdyn bolasyňyz gelse, daş-töweregiňizi tämiz saklamaga çalşyň! Otagyň içini yzygiderli ýelejiredip, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap duruň! Bu düzgünleri berjaý etmek bilen, siz diňe bir öz saglygyňyzy däl, eýsem,
töweregiňizdäkileriň hem saglygyny goramaga ýardam edýärsiňiz.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi