Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi


Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi

Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň wiolonçel hünäriniñ V ýyl talyby, ýaş zehinli sazanda Döwletow Annaoraz II «Non solo» «Konsertmeýstrlik we ansambl ýerine ýetirijilik sungaty» atly Halkara bäsleşigine gatnaşyp, 3-nji derejeli diploma mynasyp boldy.

Ol, bu bäsleşige öz ýaş düzüminde, ýagny ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 17-32 ýaş aralygy boýunça sanly ulgam arkaly onlaýn bäsleşikde çykyş etdi. Bäsleşikde ýaş zehinli sazanda talyp norweg kompozitory Edward Grigiň wiolonçel we fortepiano üçin Sonata A-dur (lýa minor) fortepianoda konsertmeýster Amannazar Arslanowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Bu bäsleşige Annaorazy «Kamera ansambly» kafedrasynyň uly mugallymy Swetlana Kasparowa taýýarlady.

Bäsleşik barada aýtsak, GDA döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilip, emin agza hökmünde Gnesinler adyndaky Döwlet akademiki köşgüniň kamera ansamblynyň ýolbaşçysy, professor Nataliýa Bražnikowa Iwanowna, Russiýanyň pianinoçy konsertmeýster ýerine ýetirijiler guramasynyň esasy ýolbaşçysy, Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky Akademiki sazçylyk kolležiniň konsertmeýsterçilik ussatlygy dersiniň mugallymy, şeýle-de konserwatoriýanyň konsertmeýsteri Ber Olga Leonidowna, şeýle-de Gnesinler adyndaky Moskwanyň ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň klarnet, kompozisiýa hem-de ansambl sungatynyň dersleriniň uly mugallymy Anton Anatoliýewiç Prişepa eminlik etdiler.

Ýaş zehinli sazanda talybyň saz eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirişine emin agzalar ýokary baha berip, hatda professional aýratyn sazandalaryň derejesindeligini belläp geçdiler.

Bäsleşik Moskwa «Competition Group» marketiniň gurnamagynda 26-28-nji ýanwarynda bolup geçdi. Bäsleşigiň diplomdyr hormat hatlary bolsa mart aýynyň birinji ongünlüginde ýurdumyza gelip gowuşdy.

Belläp geçsek, ýaş zehinli sazanda R.M.Glieriň eserlerinden taýýarlanan I Halkara «Glieriň sazlary» atly bäsleşikde hem I baýrakly orna mynasyp boldy.

Şular ýaly bäsleşiklere gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredip berýän, türkmen medeniýetini we saz sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda uly ýardam edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymy aýtmak isleýärin. Goý, olaryň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Bahar HOJAÝEWA