Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen


Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen



2020-nji ýylyň 2-nji iyunynda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda wideo maslahat görnüşinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmaga degişli teklipler boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi duşuşygyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Halkara bilermenler — Russiýanyň telewideniýesiniň akademiýasynyň agzasy Anna Kaçkaýewa hemde metbugat habar beriş serişdeleri ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň Kommunikasiýalar we aragatnaşyk ministrliginiň bilermenler geňeşiniň agzasy Ýuriý Purgin tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmek baradaky meseleler beýan edildi. Hususanda, sanly ulgamdan peýdalanýan köpçülik hemde sanly kontent, gazetleriň sanly ulgama geçmeginiň kanuna laýyklygy, wirtual gurşawda hil taýdan täze önümleri tehniki taýdan goldamak we döretmek hemde beýleki meseleleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn möhümdir. Şol Konsepsiýada döwürleýin metbugat neşirleriň elektron görnüşe geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Metbugat habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçirilmeginiň hemde häzirki zamanyň sanly ulgama uýgunlaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň teswirnamalaryny hemde tekliplerini nazara alyp hödürlenen teklipleri giňeltmek meýilleşdirilýär.