Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy


Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz bu barada 25-nji dekabrda ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Bellenişi ýaly, täze kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.

— Bu kitap bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanýar. Men bu kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin — diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.