GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY



10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ilkinji nusgalary 28-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylara gowşuryldy.