Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi


Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi

1-nji noýarbda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuwy kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň şu gezekki saparynyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy ýaly giň gerimli çäreleriň çäklerinde geçýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýadyna daýanýan, uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA, YHG ýaly iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formaty özüniň netijeliligini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasyna öňde Astana şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi. Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň bu ulgamda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýändigi nygtaldy. Şeýle-de energetika pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramak tejribesiniň dowam etdirilmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň giňeldilmegi bu ugurda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen jebisleşen däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de umumy bähbitler üçin pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.