TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP



Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurtlarda şu ýylyň awgustynda geçirilen köpugurly çäreler, dürli derejedäki iki taraplaýyn hem-de köp taraplaýyn duşuşyklar – Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, sergilerdir forumlar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany boldy.

Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary köp sanly ugurlarda, şol sanda ýaşlar syýasaty, medeniýet, bilim, ylym ulgamlarynda, hytaý dilini öwrenmek ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen aýda bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine Watanymyzy mundan beýläkde ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilen häzirki zaman syýasy gurallarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berýär.