Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary
16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze toplumda myhmanlary mynasyp garşylamak, işewür duşuşyklary we dürli çäreleri, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.