Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler boýunça wagyz-ündew çäresi


Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler boýunça wagyz-ündew çäresi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler boýunça wagyz-ündew çäresi geçirildi. Bu çärä okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Mejlisde öňde goýlan wezipeler barada agzalyp geçilen gürrüňleri belläp geçdiler.

Ilkinji bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa çykyş etdi. Çäräniň dowamynda konserwatoriýanyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedow, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Gülsoltan Döwledowa öz täsirli çykyşlaryny diňleýjilere ýetirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Ogulnur SULTANOWA