BALKAN WELAÝATYNDA DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE BINASY DABARALY AÇYLDY


BALKAN WELAÝATYNDA DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE BINASY DABARALY AÇYLDY



23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Ge¬ňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.