Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň daşary işler ministrini kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

1-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 16-njy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» forumyna gatnaşmagyň çäginde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, doganlyk ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu çärelere Žeenbek Kulubaýew hem gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn syýasy dialogy üstünlikli dowam etdirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýakynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, şol mejlisiň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparow bilen netijeli gepleşikleriň geçirilendigini hem-de meseleleriň giň toplumynyň, şol sanda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.