Lukman maslahat berýär


Lukman maslahat berýär



Kesel barada maglumatlardan habarly bolup, çagalaryňyza-da öwrediň! Elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwuň. Egin-eşikleriňizi, el süpürgiçleri, ýorgan-düşekleriňizi tämiz saklaň. Ýuwlan egin-eşikleri, ýorgan-düşek, ýassyk daşlaryny ütükläp, gap-gaçlary ýörite ýuwujy serişdeleriň kömegi bilen ýuwup, arassa ulanmaly.
Daşary çykmazdan öňürti burnuň nemli örtügine «oksolin» melhemini çalyň we agyz-burun örtügini dakynyň!
Ýaşaýan, işleýän otaglaryňyzyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik ediň! Otaglary günüň dowamynda 3 — 4 gezek ýelejiredip, çygly arassaçylyk işlerini geçirip duruň! Yssy otagdan derläp, daşary çykmak ýa-da garşylyklaýyn howa çekýän penjiräniň öňünde oturmak saglyga zyýanly täsir edýär.
Maşgala agzalaryňyzdan biri ýiti respirator keseli bilen kesellän bolsa, onda ony mümkinçilik bolan ýagdaýynda aýratyn otaga ýerleşdiriň!
Näsagyň bolýan otagyny aram-aram ýelejiredip duruň, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçiriň!
Näsagyň aýratyn gap-çanagynyň bolmagyny, olaryň gowy ýuwulmagyny we gaýnag suw bilen çaýkalmagyny berjaý ediň!
Ýurdumyzda möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip biler.